“Weloküşt” gazak filmi Nýu-Ýorkdaky Tribeca festiwalynda iň gowy film diýlip ykrar edildi

16.06.2024, 11:485,933

Gazagystanyň “Weloküşt” filmi Nýu-Ýorkda geçirilen abraýly Tribeca-2024 festiwalynda “Iň oňat halkara film” kategoriýasynda ýeňiji boldy. Bu barada Deadline neşiri habar berýär.

Asel Auşakimowanyň režissýorlyk eden gara komediýasy jemgyýetçilik aktiwist aýal dogany bilen gatnaşyklaryny sazlamagyň we operatoryň ünsüni özüne çekmäge synanyşygyň arasynda janserek bolýan zenan žurnalist barada gürrüň berýär. Festiwalyň eminleri filmiň “ýeňil stili we erkin kino dili bilen haýran galdyrýandygyny, şeýle hem gyzykly ýurt hem-de onuň ýaşlary bilen tanyşdyrýandygyny” nygtadylar.
Iň oňat çeper film üçin «Founders Award» baýragy Nikolas Koliýanyň “Griffin tomusda” filmine berildi, şeýle-de film iň gowy ssenariý üçin hem baýraga mynasyp boldy. Saýmon Klouzanyň “Ýigrenjiň döwülmegi” (“Взлом ненависти”) iň oňat dokumental film diýip ykrar edildi, “Pyçak” («Нож») filmi bolsa operatorlyk işi üçin  gowy baha mynasyp boldy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.