Boýy bir metr bolan daniýa tohumly it dünýäniň iň beýik iti diýip ykrar edildi

16.06.2024, 11:4623,694
1 / 3

ABŞ-nyň Aýowa ştatyndan Kewin atly daniýa tohumly it dünýäniň iň beýik iti diýlip ykrar edildi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň web sahypasynda habar berildi.

Itiň penjelerinden gerşine çenli beýikligi 97 santimetre ýetýär. Deňeşdirmek üçin, bu tohumdan bolan erkek itiň ortaça beýikligi, takmynan, 76 sm.
Ozal bu rekord Zews atly daniýa doguna degişlidi, onuň boýy 104,6 sm-di. Emma Zews üç ýaşynda süňküň rak keseli bilen keselläp aradan çykdy.
Kewiniň eýeleri itiniň, täsin galdyryjy ululygyna garamazdan, mähirli we ak ýürekdigini gürrüň berdiler. “Ol gujaklaşmagy, diwanda irkilmegi gowy görýär we tozan sorujydan öler ýaly gorkýar. Hatda resmi rekord üçin onuň boýuny ölçemek hem kyn boldy, sebäbi görgüli Kewin ölçeg lentasyndan hem gorkýar"- diýip, olar gürrüňlerini dowam etdiler.

“Meniň pikirimçe, ol özüniň nähili uludygyna düşünenok. Elmydama kiçi ýatalga  dykylyp gelmek bilen, üstümizde oturaýjak bolýar. Ol kiçijik itler näme edýän bolsa, şolaryň hemmesini edýär " - diýip, onuň eýesi Treýsi gürrüň berýär.

Kewin her gün 10 käsä çenli nahar iýýär we, köplenç, stoluň üstünden nahar ogurlaýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.