Korpusy açmazdan SSD-ni kompýutere gurnamagyň usuly oýlanyp tapyldy

19.06.2024, 11:204,863
1 / 3

Computex 2024 sergisinde MSI kompaniýasy M.2 formatynyň maglumat ýygnaýjylaryny gurnamak üçin innowasion çözgüt hödürledi. Görnüşi boýunça wideokartasyna meňzeýän M.2 Xpander-Aero Slider Gen 5 giňeldijisi kompýuteriň korpusyny açmazdan iki sany M.2 22110 SSD-ni gurnamaga mümkinçilik berýär diýip, ITHome habar berýär.

Maglumat ýygnaýjylar komýuter korpusynyň arkasynda ýerleşýän enelik platanyň PCI şinasyna birikdirilen M.2 Xpander-Aero Slider Gen 5-e gurnalýar.
M.2 Xpander-Aero Slider Gen 5 ýokary maglumat geçiriş tizligini üpjün edýän PCI 5.0-y goldaýar.
Bu çözgüt ulanyjylara kompýuteri sökmezden SSD-ni aňsatlyk bilen goşmaga ýa-da çalyşmaga mümkinçilik berip, ulgamy döwrebaplaşdyrmak prosesini çaltlaşdyrýar we has amatly edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.