Bred Pittiň baş keşbi janlandyrýan “Formula-1” filminiň ilkinji görkeziljek senesi mälim edildi

20.06.2024, 18:596,156

Apple Original Films kompaniýasy Bred Pittiň baş keşbi janlandyrjak “Formula-1” filminiň ilkinji görkeziljek senesini yglan etdi. Jozef Kosinskiniň režissýorlyk eden bu filmi 2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda prokata çykar.

Film “Formula-1” bilen bilelikde surata düşürilýär. Filmi surata düşürmeklik iki we dört tekerli iň iri ýaryş çempionatlarynda alnyp barylýar. Pitt Damson Idris bilen bilelikde APXGP topary bilen Formula-1-e gaýdyp gelen öňki ýaryş sürüjisiniň keşbinde oýnaýar.
Şeýle hem filmde “Oskara” dalaşgär Kerri Kondon, baýragyň eýesi Hawýer Bardem, “Emmi”-niň ýeňijisi we “Altyn globus”-a dalaşgär Tobaýas Menzis, Sara Nils, Kim Bodnia we Samson Kayo çykyş eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.