“Gladiator 2-de” kino taryhynda iň bir epiki sahnalaryň biri görkeziler

22.06.2024, 18:416,776

Barselonada geçirilen CineEurope film forumynda Paramount kompaniýasy Ridli Skottuň 2000-nji ýylda surata düşüren epiki peplumynyň dowamy bolan “Gladiator 2-den” täze bölegi görkezdi. Paramount-yň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, filmde “kinematografiýanyň taryhynda iň epiki sahnalaryň biri” bar.

Skottuň özi sikweliň “garaşanyňa degýändigini” aýtdy.
Sikweliň sýužeti Rime dolanyp, gladiator söweşlerine gatnaşmak kararyna gelen, Imperator Kommodyň (Hoakin Feniks)  ýegeni Lýusiý Werus (Pol Meskal) hakda gürrüň berýär. Filmde Pedro Paskal, Denzel Waşington, Jozef Kuinn we Konni Nilsen dagylar hem çykyş eder.
“Gladiator 2-niň” dünýäde ilkinji görkezilişi meýilleşdirilen möhletinden bir hepde öň - 2024-nji ýylyň 15-nji noýabrynda bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.