Apple "Vision Pro 2-ni" soňa goýup, oňa derek gulaklygyň arzan modelini çykarar

22.06.2024, 18:471,777

Apple kompaniýasy ikinji nesil Vision Pro giňeldilen hakykat gulaklygynyň işlenip taýýarlanyşyny gijikdirmek kararyna geldi. Muňa derek kompaniýa çäklendirilen funksiýalar toplumly enjamyň has elýeter wersiýasyny çykarmaga ünsi jemlär diýip, The Information neşiri habar berýär.

Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, Vision Pro 2-niň ösüşini togtatmak kararyna birinji modeliň satuwy pese gaçandan soň  gelindi. Maglumatlara görä, käbir Apple Store dükanlary hepdede bir ýa-da iki gulaklykdan köp satyp bilenok.
Birinji nesil Vision Pro-nyň bahasy 3500 dollar.
Vision Pro gulaklyklarynyň has elýeter görnüşini 2025-nji ýylyň ahyryna çenli çykmak meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.