Samsung Olimpiýadany ýaýlyma bermek üçin 85 gämini ýüzlerçe Galaxy S24 Ultra bilen enjamlaşdyrýar

25.06.2024, 13:3810,063

Parižde geçiriljek 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň hyzmatdaşy bolan Samsung kompaniýasy açylyş dabarasynda 200-den gowrak Galaxy S24 Ultra smartfonyny ulanyp, derýa ýörişiniň ýaýlyma berlişini gurar. Enjamlar Sena   boýunça geçjek ýörişe gatnaşýan 85 gämide oturdylar.

Samsung Halkara olimpiýa komiteti (IOC) we Olimpiýa ýaýlymlar gullugy (OBS) bilen bilelikde açylyş dabarasynyň smartfonlar arkaly ýaýlyma goýberilmegine mümkinçilik berýän taslamany durmuşa geçirdi. Ýaýlyma goýberilişiň durnukly bolmagy üçin Senanyň boýunda Orange operatory tarapyndan gurlan ondan gowrak antennaly hususy 5G ulgamy ulanylar.
2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy 26-njy iýulda Aşgabat wagty bilen sagat 22:30-da başlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.