Samsung 12 aýyň netijesi boýunça ABŞ-nyň smartfon bazarynda Apple-den öňe geçdi

28.06.2024, 06:577,718
1 / 2

Samsung kompaniýasyna ABŞ-nyň smartfon bazarynda Apple-den öňe geçmek başartdy. CIRP analitikleri 2024-nji ýylyň mart aýyna çenli, bir ýyldaky satuw barada maglumatlary hödürlediler. Görnüşi ýaly, bu döwürde Samsung bazaryň 38%-ini, Apple 33%-ini eýeledi.

Beýleki kompaniýalar öňdebaryjylardan has yza galýarlar, ýöne Motorola-nyň beýlekilere garanda paýy ulurak – 13%, Google hem 6% paýy eýeleýär. Galan brendler umumylykda diňe 10%-i emele getirýärler.
Ýöne flagman segmentinde Apple öňde barýar. Bu ýerde kompaniýanyň umumy satuwynyň 64%-i Samsung-yň 42%-ine garşydyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.