Timati tarapyndan esaslandyrylan Black Star Burger Türkmenistanda restoranyny açar

28.06.2024, 20:3414,567
1 / 2

Russiýaly repçi Timati tarapyndan esaslandyrylan Black Star Burger restoranlar ulgamy Türkmenistanda öz restoranyny açmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanyp, RBK habar berýär.

Black Star Burger-iň resmi saýtynda restoranyň myhmanlary “Aşgabat” söwda-dynç alyş merkezinde kabul edip başlajakdygy aýdylýar.
TASS-yň maglumatlaryna görä, restoranyň açylyşy 2024-nji ýylyň güýzüne meýilleşdirilýär.

“Black Star Burger tagamly, ýokary hilli we tiz taýýarlaýan restorandyr. Biziň menýumyzda Black Angus sygyr etinden, towuk etinden, hindi towugynyň etinden, şeýle-de Halal sygyr etinden we falafelden islendik tagamly burgerleri tapmak bolýar” diýlip, saýtda bellenilýär.

Restoranlar ulgamy 2016-njy ýylda Timati (hakyky ady – Timur Ýunusow), prodýuser Pawel Kurýanow we işewür Walter Çass tarapyndan esaslandyryldy. Häzirki wagtda Black Star Burger-iň Russiýa, Ermenistan, Gazagystan, Özbegistan we Moldawiýa ýaly bäş ýurtda 40-dan gowrak restorany bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.