Apple Vision Pro Bluetooth syçanjygynyň goldawyny we 3D surat funksiýasyny aldy

14.07.2024, 09:452,040

Apple işläp düzüjiler üçin VisionOS 2-niň üçünji beta wersiýasyny çykardy we oňa birnäçe täze funksiýalary goşdy diýip, Gizmochina habar berýär.

VisionOS 2-niň 2D suraty emeli aň arkaly 3D geçirmek ukyby esasy täzelikdir. Bu funksiýa ulanyjylara suratlara çuňluk berip has täsirli ýatlamalary döretmäge mümkinçilik berer.
VisionOS 2 Beta 3 esasy görnüş we dolandyryş merkezi üçin täze el hereketlerini hem hödürleýär. Ulanyjylar indi Bluetooth syçanjygyny ulanyp, Vision Pro bilen aragatnaşyk saklap bilerler.
Mundan başga-da, bu wersiýada syýahat režimi täzelenme aldy. Mindfulness programmasy bolsa, indi has şahsylaşdyrylan we täsirli meditasiýa tejribesini döredip, demiňizi yzarlaýar.
Şeýle hem, VisionOS 2 ulanyjylara Vision Pro garniturasy bilen täsirleşmegi has aňsatlaşdyrjak görnüşi sazlamak we programmalaryň ýerini islege görä çalyşmak mümkinçiligini döredýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.