Bir ýarym ýyllap okeanyň düýbünde ýatan Apple Watch işe ukyplylygyny ýitirmedi

17.07.2024, 14:2312,211

Karib adalarynyň ýaşaýjysy Jared Brik bir ýarym ýyl mundan ozal Karib deňzinde suwuň astynda ýüzüp ýörkä Apple Watch sagadyny ýitirdi. Sagady tapyp bilmänligi sebäpli, Brik enjamy ýitirilen diýip bellemek üçin Apple-iň Find My funksiýasyny ulandy.

Bir ýarym ýyldan soň, Jonatan diýen biri sagady tapyp Brige habar berýär. Apple Watch-iň şunça wagtlap okeanyň düýbünde ýatyp, zarýad berlenden soň işläp başlamagy eýesini geň galdyrýar.
Bu hekaýa, Apple gadjetleriniň daşky täsirlere garşy goragynyň ýokary derejededigini subut edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.