Noýabr aýynda Türkmenistanda “Gorkut ata” atly halkara kinofestiwaly geçiriler

20.07.2024, 01:163,760

2024-nji ýylyň 4-5-nji noýabrynda ýurdumyzda “Gorkut ata” atly halkara kinofestiwaly geçirmek meýilleşdirilýär. Degişli teklibi wise-premýer M.Mämmedowa 19-njy iýulda Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Bu festiwal Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda çykaran Karary bilen tassyklanan Meýilnama laýyklykda geçiriler.
Bu döredijilik çäresiniň çäklerinde

  • TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Baş sekretarynyň gatnaşmagynda Türki döwletleriň kinematografiýa ulgamynyň ýolbaşçylarynyň maslahatyny geçirmek;
  • Aşgabadyň kinoteatrlarynda we kinokonsert merkezlerinde festiwala gatnaşýan ýurtlaryň kinofilmleriniň görkezilişini guramak;
  • daşary ýurtly meşhur kinoaktýorlar we režissýorlar bilen ussatlyk sapaklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Kinofestiwala gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlaryň Arkadag şäherine, “Seýit Jemaleddin” binagärlik toplumyna, 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Änew şäherindäki milli  “Ak bugdaý” muzeýine, Halkara ahalteke atçylyk toplumyna baryp görmekleri hem-de “Galkynyş”  milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etmekleri meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutany ýurdumyzda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyny geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.