Eminemiň täze albomy rekord goýup, Teýlor Swifti Billboard 200-üň birinji ornundan aýyrdy

24.07.2024, 11:527,417

Eminemiň “The Death of Slim Shady (Coup de Grâce)” albomy Billboard 200 çartynyň birinji ornuny eýeläp, bu orny yzygider 12 hepde saklan Teýlor Swiftiň “The Tortured Poets Department” albomyny gysyp çykardy. Bu barada Billboard žurnaly habar berýär.

Ýeri gelende bellesek, Teýlor Swifte 50 ýyl ozalky rekordy täzelemek üçin bary-ýogy bir hepde ýetmedi – Stiwi Wanderiň albomy çykanyndan soň reýtingiň birinji ornunda yzygider 13 hepde saklandy.
Eminemiň 12-nji iýulda çykan täze albomy eýýäm birinji hepdesinde üstünlik gazandy: 281 müň nusga satyldy we bu 2024-nji ýylda rep-albomlar üçin rekorddyr. Şeýle-de, albom 220 million gezek diňlenildi we 114 müň gezek onlaýn ýüklenildi, bu hem oňa çartda birinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi.
“The Death of Slim Shady (Coup de Grâce)” Eminemiň Billboard 200 çartynda birinji orny eýelän 11-nji albomy boldy, bu görkeziji oňa Kanýe Uest, Brýus Springstin we Barbra Streýzand bilen bir hatarda durmaga mümkinçilik berdi. Çartyň birinji ornuny eýelän has köp albomlar häzirlikçe diňe Dreýkde (13 albom), Jay Z bilen Teýlor Swiftde (hersinde 14 albom), şeýle-de The Beatles-de (19 albom) bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.