Saud Arabystany 2034-nji ýylda futbol boýunça DÇ-ni geçirmek üçin resmi taýdan arza iberdi

30.07.2024, 22:443,859

Saud Arabystany 2034-nji ýylyň dünýä çempionatyny geçirmek islegi bilen Halkara futbol federasiýasyna (FIFA) resmi taýdan arza iberdi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Arza Parižde Saud Arabystanynyň sport ministri, Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň prezidenti, şazada Abdul-Aziz ibn Turki ibn Feýsaldan, Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Ýasser Al-Mishaldan, şeýle-de ýurduň futbol federasiýasynyň sebit türgenleşik merkezlerinde tälim alýan iki türgenden ybarat resmi wekiliýet tarapyndan FIFA-a hödürlendi.
Ýurt dünýä birinjiligini geçirmek islegi barada ilkinji gezek 2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda mälim etdi. Ol bu ýaryşy geçirmek üçin ýeke-täk dalaşgärdir.
2034-nji ýylyň dünýä çempionatyny kabul etjek ýurt 11-nji dekabrda yglan ediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.