Aşgabadyň kinoteatrlarynda görkeziljek filmler we multfilmler (31.07 - 04.08)

31.07.2024, 16:331,641

Şu hepde paýtagtymyzyň kinoteatrlary kino we animasiýa söýüjilere dürli žanrda köp sanly gyzykly täzelikleri hödürleýär.

Ekşn-filmleriň muşdaklaryna “Ýaramaz ýigitler: Güm bol ýa-da öl” filmi – baş keşpleri Will Smit we Martin Lourensiň ýerine ýetirmegindäki franşizanyň dördünji bölümi hödürlener. Kewin Kostner özüniň western žanrynda düşürilen täze “Gözýetimler” filminde “ýabany Günbataryň” atmosferasyny duýmaga çagyrýar. Şeýle-de, programmada horror we triller žanrynda hem birnäçe filmler bar. Tomaşaçylar gyzykly animasion filmlerden hem lezzet alyp bilerler.

“Türkmenistan” kinokonsert merkezi
2-nji awgust

  • ·19:00 – “Gorkudan doňup galanlar” horror-filmi (Оцепеневшие от страха, 2017)

3-nji awgust

  • ·17:00 – “Luka” multfilmi (2021)
  • ·19:00 – “Ýaramaz ýigitler: Güm bol ýa-da öl” filmi (Плохие парни до конца, 2024)

“Arkaç” kinoteatry

31-nji iýuldan 4-nji awgust aralygy:

Zal 1

  • ·15:00 – “Gözýetimler: birinji bölüm” western-dramasy (Горизонты: Часть первая, 2024)
  • ·18:10 – “Ýaramaz ýigitler: Güm bol ýa-da öl” (Плохие парни до конца, 2024)
  • ·20:10 – “Omen. Ilkinji alamat” (Омен. Первое знамение, 2024)

Zal 2

  • ·15:10 – “Duzak öý” horrory (Дом-ловушка, 2023)
  • ·18:00 – “Iň soňky ýumuş” (Последнее задание, 2024)
  • ·20:00 – “Synçylar” horror-trilleri (Наблюдатели, 2024)

Zal 3

  • ·15:20 – “Garfild kinoda” multfilmi (Гарфилд в кино, 2024)
  • ·18:20 – “Kenterwil ruhy” multfilmi (Кентервильское привидение, 2023)
  • ·20:20 – “Greýsi bilen Pedronyň syýahaty” multfilmi (Пушистый вояж, 2024)

Salgysy: Aşgabat şäheri,  “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezi, 3-nji gat.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.