Jokowiç Olimpiadanyň çärýek finalyna çykdy we gresiýaly Sisipas bilen duşuşar

31.07.2024, 17:351,783

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Parižde geçýän Olimpiýa ýaryşynyň üçünji tapgyrynda germaniýaly Dominik Köpferden üstün çykdy. Oýun 7:5, 6:3 hasabynda Jokowiçiň peýdasyna tamamlandy. Türgenler kortda 1 sagat 37 minut sarp etdiler. 

Indi ýarym finala çykmak üçin Jokowiç dünýäniň 11-nji raketkasy gresiýaly Stefanos Sisipas bilen bäsleşer. Ol dörtden bir finala argentinaly Sebastýan Baesi 7:5, 6:1 hasabynda utup çykdy.
Belläp geçsek, 24 gezek “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň ýeňijisi Jokowiçiň hasabynda häzire çenli Olimpiýa oýunlarynyň altyn medaly ýok.
Tennis boýunça Olimpiýa ýaryşy 4-nji awgustda tamamlanar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.