Qualcomm arzan 5G smartfonlary üçin Snapdragon 4s Gen 2 çibini hödürledi

01.08.2024, 16:041,509

Qualcomm 5G-ni goldaýan iň arzan smartfonlar üçin niýetlenen Snapdragon 4s Gen 2 çibini anons etdi. Bu bahasy 100 dollara çenli bolan gurluşlar üçin niýetlenen geçen ýylky Snapdragon 4 Gen 2-niň kuwwaty birneme pes görnüşidir diýip, 3DNews ýazýar.

Snapdragon 4s Gen 2 (SM4635) 4-nm tehprosesi arkaly öndürilýär. Onuň düzümine sekiz ýadro girýär:

  • Ýygylygy 2,0 GGs bolan iki sany öndürijilikli Cortex-A78 ýadrosy
  • Ýygylygy 1,8 GGs bolan alty sany energiýa taýdan tygşytly Cortex-A55 ýadrosy

Ýygylyklar asyl Snapdragon 4 Gen 2 bilen deňeşdirilende 200 MGs peseldildi. Çipde ýörite signal prosessory Spectra ISP hem oturdyldy, ol şu aşakdakylary goldaýar:

  • 32 Mp çenli durulykda kamerany ýa-da 16 Mp-den iki sanysyny;
  • Sekuntda 30 kadrda we 1080p çenli durulykda wideo surata düşürmegi;
  • 84 Mp çenli hereketsiz suratlary
  • 1080p çenli durulyk we 90 Gs çenli täzelenme ýygylygy bilen displeýleri

Simsiz birikdirmäniň mümkinçilikleri:

  • 6 GGs (Sub-6GHz) çenli diapazonda 5G (NSA/SA)
  • Bluetooth 5.1
  • 802.11 b/g/n/ac Wi-Fi (Wi-Fi 6 bilen garyşdyrmaly däl)
  • Iki ýygylykly GPS, GLONASS, BeiDou we NavIC

Şeýle-de, öndürijiler gurluşlary USB 3.1 bilen hem üpjün edip, Qualcomm Quick Charge 4+ çalt zarýad beriş standartyny ulanyp bilerler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.