«Ýaňlan, Diýarym!» bäsleşiginiň Daşoguz welaýaty boýunça ýeňijileri belli boldy

05.08.2024, 16:116,772

Daşoguz şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi. Oňa deslapky tapgyrlarda ýeňiş gazanan estrada aýdymçylarynyň 10-sy gatnaşdy diýip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Ýurdumyzyň halypa sungat ussatlaryndan düzülen eminler toparynyň gelen netijesine görä, Akdepe etrap medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleri Aýşat Myradowa hem-de Orazguly Jollyýew bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Dabaranyň ahyrynda bäsleşigiň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.