“Dedpul we Rosomaha” öz ýaş reýtinginde iň köp girdeji gazanan film boldy

05.08.2024, 22:092,679

4-nji awgustda “Dedpul we Rosomaha” filminiň dünýädäki kassa ýygymy 820 million dollardan geçip, ABŞ-nyň taryhynda iň köp girdeji gazanan 18+ filmi boldy. Bu netijäni gazanmak üçin filme bir hepdeden sähel gowrak wagt gerek boldy.

Indiki dynç günleriniň ahyryna çenli filmiň girdejisiniň 1 milliard dollardan geçmegine garaşylýar.
Häzirki wagtda “Dedpul we Rosomaha” 2024-nji ýylda iň köp girdeji gazanan filmleriň arasynda ikinji orny eýeläp, diňe 1,55 milliard dollar gazanan “Tapmaça 2”-den yza galýar.
Filmde Dedpula (onuň keşbini Raýan Reynolds ýerine ýetirýär) tutuş Marvel kino älemini we öz älemini halas etmek wezipesiniň tabşyrylyşy we munuň üçin Rosomahanyň (onuň keşbini ýene-de Hýu Jekman ýerine ýetirdi) kömegine daýanyşy gürrüň berilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.