Alymlar Aýda 100 metrlik elektrik sütünini gurmagy teklip edýärler

09.08.2024, 23:036,167
1 / 2

Jeff Bezosyň Blue Origin kompaniýasynň golçur kärhanasy bolan Honeybee Robotics-iň inženerleri Aýda astronawtlary elektrik energiýasy bilen üpjün etjek 100 metrlik sütüni gurmagy teklip etdiler.

LUNARSABER diýlip atlandyrylýan taslama silindr görnüşinde eglip, süýülen  demir listden ýasalan sütün döretmegi öz içine alýar. Ol bir tonnalyk enjamy göterip  biler we geljekki Aý bazasynyň elektrik, aragatnaşyk we yşyklandyryş merkezi bolup hyzmat eder.
Sütün 100 kilowata çenli energiýa öndürip bilýän Gün panelleri bilen enjamlaşdyrylar. Bu paneller sütüniň gapdallarynda ýerleşer we enjamlara energiýa berer, şeýle hem gije Aýyň üstüni ýagtylandyrar.
Mundan başga-da, LUNARSABER aragatnaşyk diňi hökmünde ulanylyp bilner.
Inženerler häzirki wagtda Gün panelleriniň iki görnüşini göz öňünde tutýarlar: käbiri ýo-ýo meňzeýär, beýlekileri bolsa Günüň ýerleşişini yzarlaýan adaty panellerdir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.