Hytaýyň iň baý adamy belli boldy

12.08.2024, 00:5513,158

Hytaýyň Pinduoduo marketpleýsiniň we onuň golçur kompaniýasy Temu-nyň esaslandyryjysy Kolin Huan Hytaýyň iň baý adamy boldy. Bu Bloomberg Billionaires Index-iň (BBI) maglumatlaryndan gelip çykýar.

2024-nji ýylyň 9-njy awgustyndaky ýagdaýa görä, milliarderiň baýlygy $48,6 mlrd bilen bahalandyrylýar, bu hem oňa dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 25-nji orny eýelemäge mümkinçilik berdi.
Ýakyn wagta çenli HHR-iň iň baý adamy adyny öz baýlygyny Nongfu Spring çüýşe gaply suwy satmak bilen gazanan telekeçi Çžun Şanşan saklaýardy. Onuň aktiwleri häzir $47,4 mlrd diýlip hasaplanýar, netijede ol BBI reýtinginde 26-njy orny eýeleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.