Google Pixel Watch 3 smart-sagatlary we Pixel Buds Pro 2 nauşnigi hödürlendi

15.08.2024, 13:232,267
1 / 8

Üç sany täze Pixel 9 smartfonyndan we Pixel 9 Pro Fold eplenýän smartfonyndan başga-da, Google kompaniýasy sişenbe güni geçiren tanyşdyrylyşynda täze smart-sagatlaryny we nauşnigi, şeýle-de Gemini wirtual kömekçisini anons etdi.

Pixel Watch 3:

  • ·Iki ölçegde elýeterli: 41 mm (1,28 dýuým) we 45 mm (1,44 dýuým)
  • ·Çarçuwanyň ýogynlygy 5,5 mm-den 4,5 mm-e çenli kiçeldildi.
  • ·Ekranyň ýagtylygy 2000 nite çenli ýokarlandy.
  • ·Telefony blokdan açmak we gajetleri gözlemek üçin UWB çibi goşuldy.
  • ·Ýürek ritmine gözegçilik etmek we ýürek durmasynda gyssagly jaň etmek funksiýalary, kämilleşdirilen ylgaw gözegçiligi, Pixel telefonynyň kamerasyny dolandyrmak mümkinçiligi, gönüden-göni sagatdan Nest Cam kamerasyna ýa-da Nest Doorbell gapy jaňyna elýeterlilik, awtonom režimde Google Maps-yň kömegi bilen nawigasiýa bar.
  • ·310 mA/sag (41 mm) we 420 mA/sag (45 mm) akkumulýator Always On Display bilen 24 sagada çenli işlemegi üpjün edýär.
  • ·Aýdym-saz diňlenende energiýany tygşytlamak üçin Bluetooth LE Audio goldawy bar.
  • ·Kiçi modeliň bahasy $349, uly modeliň bahasy $399; LTE bolan wersiýalar $100 gymmat.

Pixel Buds Pro 2:

  • ·Daşky gurşawa uýgunlaşmak bilen galmagalyň basylmagy.
  • ·Agram 24%, göwrüm 27% azaldylan.
  • ·Iş wagty: keýsli 30 sagat ýa-da zarýad bermesiz 8 sagat.
  • ·Kelläniň duruş ýagdaýyny yzarlamak bilen giňişlik sesini goldaýar;
  • ·Gemini integrasiýasy we täze Find My Device ulgamy.
  • ·Baha: 229 dollar.

Tanyşdyrylyşda has ösen emeli aň funksiýalaryny hödürleýän Google Gemini kömekçisine-de aýratyn üns berildi. Gemini programmasy programmanyň üstünden çagyryp, söhbetiň çäginde ulanyp boljak gatlakdyr. Mysal üçin, haýsydyr bir aşpezlik wideosyny görüp, kömekçiden blogeriň ulanýan önümleriniň sanawyny düzmegi soramak bolýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.