Insaýder iPhone 16-nyň tanyşdyryljak senesini we Pro wersiýasynyň täze reňkini mälim etdi

21.08.2024, 09:529,676
1 / 3

iPhone 16-nyň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçiriljek Apple-iň metbugat maslahaty 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda bolar. Bu barada insaýder Majin Bu gizlin çeşmesine salgylanyp habar berdi.

Bellenilip geçilişi ýaly, çärede kompaniýanyň başga-da birnäçe önümleri tanyşdyrylar.
Majin Bu aýdanlaryny tassyklamak üçin ýakynda žurnalistlere iberiljek çakylygyň skrinşotyny getirýär.
Mundan başga-da, insaýder iPhone 16 Pro-nyň Desert Titanium ady bilen çykjak täze reňki barada hem habar berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.