KidsExpo: Aşgabatda ilkinji çagalar sergi-ýarmarkasy öz işini tamamlady

24.08.2024, 10:254,073

Penşenbe güni Aşgabatda "KidsExpo: Ähli zat çagalar üçin" ilkinji halkara sergi-ýarmarkasy öz işini tamamlady. Giň gerimli gurnalan bu çäre ýüzlerçe ene-atany we olaryň çagalaryny bir ýere jemledi we tutuş maşgala üçin baýramçylyga öwrüldi.

Sergi oňa gatnaşyjylara dürli görnüşli güýmenjeleri we oýunlary bolan köp sanly diwarlyklary hödürledi. Ýaş myhmanlar bäsleşiklere gatnaşdylar, täze dostlary tutundylar we şowhunly gurşawda dynç aldylar.
KidsExpo dürli ussatlyk sapaklary hem-de çagalaryň moda görkezilişi üçin meýdança boldy. Animatorlaryň ýany, art-zolaklar hem-de dürli tehnologiýaly kiber zolaklar has-da köp adamly boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.