Moneniň meşhur kartinasy 125 ýyldan soň ilkinji gezek auksiona çykar. Bahasy 35 million dollar bolup biler

26.08.2024, 23:3810,317

Klod Moneniň 1897-1899-njy ýyllar aralygynda döreden “Suw liliýalary” kartinasy 26-njy sentýabrda Gonkongda Christie's auksionyna çykarylar. Bu kartinanyň  döredileni bäri 125 ýylyň içinde ilkinji gezek satywa çykarylyşydyr diýip, Hypebeast ýazýar.

Žiwernide döredilen bu kartinada Moneniň köp sanly meşhur eserlerine ylham beren, howzuň golaýyndaky peýzažyň bir bölegi şekillendirilipdir. Ol “Suw liliýalary” seriýasyndaky ýedi kartinanyň biridir. Mundan başga-da, bu Moneniň gözýetim çyzygy bolmadyk ilkinji kartinasydyr.
Christie's-iň wekili Kristian Albu bu "Suw liliýasynyň" seýrek hazynadygyny, sebäbi seriýadaky işleriň köpüsiniň muzeýlerde saklanýandygyny we bu kartinanyň  şahsy kolleksiýada saklanyp galandygyny belledi.
Kartina 25-35 million dollara satylar diýlip garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.