iPhone 16 resmi taýdan 9-njy sentýabrda hödürlener

28.08.2024, 10:146,402
1 / 2

Apple kompaniýasynyň nobatdaky uly tanyşdyrylyş dabarasy 9-njy sentýabrda geçirilip, onda resmi taýdan täze iPhone 16 smartfony hödürlener. Bu barada kompaniýanyň metbugat relizinde habar berilýär.

Apple-iň GlowTime adyny alan tanyşdyrylyşynyň göni ýaýlymy 9-njy sentýabrda Aşgabat wagty bilen 22:00-da başlar. Ýaýlymyň mazmuny hemişeki ýaly syr bolup galýar, ýöne esasy waka nobatdaky iPhone hatary bolmaly. Şeýle-de, kompaniýanyň emeli aň funksiýaly iOS 18 operasion ulgamy barada täzelikler bilen paýlaşmagyna garaşylýar.
Çäräniň özi Kaliforniýadaky Apple kampusynda geçer, ony YouTube-da we Apple-iň resmi saýtynda görmek bolar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.