Adaty ýelimiň ýerini tutjak tehnologiýa: alymlar ses we 3D printeriň kömegi bilen agaç we metal birleşdirdiler

01.09.2024, 17:513,871
1 / 2

Awstriýanyň Graz Tehniki Uniwersitetiniň alymlary adaty ýelimleriň ýerini tutup biljek iki täze tehnologiýa döretdiler diýip, Hi-Tech Mail habar berýär.

“Addjoining” diýlip atlandyrylýan birinji tehnologiýa, agaç, plastmassa, poslamaýan polat we titan erginleriniň arasynda berk birleşmäni döretmek üçin 3D printerden peýdalanýar. 3D çap ediji material, agaç gözeneklerine aralaşyp, ýelimiň gurluşynyňky ýaly berk baglanyşygy emele getirýär.
Ikinji tehnologiýa - “Ultrasesli baglanyşyk”, materiallaryň üstki gatlaklaryny eretmek üçin ýokary ýygylykly yrgyldylary döredýän ýörite gural ulanýar. Bu ýagdaýda ýüze çykýan sürtülme agaç bilen metalyň arasynda berk birleşme döredýär.
Iki tehnologiýa, daşky gurşawy hapalaýan we işçileriň saglygyna howp salýan adaty ýelimlere ekologiýa taýdan arassa alternatiwa hödürleýär. Gözlegçiler bu tehnologiýanyň mebel, awtoulag we awiasiýa pudaklarynda giňden ulanyljakdygyna, ekologiýa taýdan arassa we çydamly önümleriň döredilmegine goşant goşjakdygyna ynanýarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.