Aşgabatdaky Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezi diňleýjileri okuwa çagyrýar

03.09.2024, 12:225,966

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezi aşakdaky dersler boýunça gysga möhletli okuwlara kabul edilýändigini yglan edýär:

  • Türkmen, rus, iňlis, arap, türk, hytaý, nemes, fransuz dilleri boýunça dil okuwlary;
  • Kompýuter okuwlary - kompýuter sowatlylygy, kompýuter grafikasy, çuňlaşdyrylan kompýuter tehnologiýalary (programmirleme), kiberhowpsuzlygyň esaslary, maglumatlar bazalary, sanly ykdysadyýet,  kompýuter torlary;
  • Psihologiýa okuwy - Amaly psihologiýa;
  • Hünäri ýokarlandyrmak okuwy - Orta hünär bilim ulgamynyň pedagogik işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmagyň psihologik-pedagogik okuwy;
  • Intellektual ösüş - Suhangöýlük ussatlygy;
  • Tebigy we takyk ylymlar boýunça okuwlar – biologiýa, himiýa, fizika, matematika.

Okuwlar tölegli. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat ş., Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31.

Habarlaşmak üçin:
94-51-55;
94-51-62;
+99365 80-15-07
+99365 80-15-08
Saýt: tducentre.edu.tm
Elektron poçta: info@tducentre.edu.tm

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.