Audi täze hereketlendirijili we tehnologiýaly Q5 2025 we SQ5 2025 modellerini hödürledi

04.09.2024, 14:554,958
1 / 3

Audi 2025-nji model ýylynyň täze Q5 modelini we SQ5 2025 sport awtoulagyny hödürledi. Täze önümler täzelenen dizaýny, has ykjam podweskany we birnäçe täze tehnologiýalary aldylar diýip, CarsScoops habar berýär.

Esasy aýratynlyklary:

  • Täze platforma: Audi Premium Platform Combustion (PPC).
  • Hereketlendirijiler:
  • ABŞ: Q5 üçin 2,0 litrlik TFSI (268 at güýji), SQ5 üçin 3.0 litrlik TFSI (362 at güýji).
  • Ýewropa: 2,0 litrlik TFSI (201 at güýji), Q5 üçin 2,0 litrlik TDI (201 at güýji), SQ5 üçin 3.0 litrlik TFSI (362 at güýji). Ýewropadaky ähli hereketlendirijiler ýumşak gibrid ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.
  • Podweska: ýygylygy saýlaýjy amortizatorlar (standart) we goşmaça pnewmatiki podweska.
  • Içeri: dolandyrylýan arka oturgyçlar, simsiz zarýad beriji we öňde we yzda iki USB-C portlary.
  • Daşky görnüşi: ikinji nesil yzky OLED sanly çyralar, adaty Matrix LED faralar.

Bahalar:
Q5: 52300 ýewrodan başlaýar;
SQ5: 82900 ýewrodan başlaýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.