Ganaly erkek adam bir günläp agajy gujaklap Ginnesiň täze rekordyny goýdy

06.09.2024, 11:1815,967

Gananyň 23 ýaşly ýaşaýjysy Abdul Hakim Awala agajy has uzak wagtlap gujaklamak boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär.

Rekord eýesi agajy 24 sagat 21 minut gujaklap, 2024-nji ýylyň başynda agajy 16 sagatlap gujaklan ugandiýaly Feýt Patrisiýa Ariokotyň üstünliginden öňe geçdi.
Awala bu hereketiniň Ganada tebigaty gorap saklamagyň möhümdigine ünsi çekmäge gönükdirilendigini düşündirdi. Ol dogduk şäheri Garuda çölleşmäniň netijesiniň şaýady boldy we indi agaç oturtmak boýunça umumymilli kampaniýany guramaga çalyşýar.
Öz başlangyjynyň çäginde Abdul rekordyň her minutyna bir agaç hökmünde 1461 agaç oturtmak isleýär.
Belläp geçsek, bu Gana üçin şular ýaly ilkinji rekord däl. Mundan öň Abdulyň watandaşy Abubakar Tahiru bir sagatda gujaklan agaçlarynyň sany boýunça rekord goýdy – 1123. Rekordlaryň ikisi-de daşky gurşawy gorap saklamagyň we ekoulgamy goramak boýunça çäreleri görmegiň zerurdygyny görkezýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.