Apple 2025-nji ýylda LCD ekranlaryndan dolulygyna ýüz öwrüp, OLED ekranlaryna geçer

07.09.2024, 00:184,840

Apple 2025-nji ýyldan başlap, iPhone-yň hemme modellerinde OLED ekranyna geçer diýip, Nikkei ýazýar. Kompaniýanyň indiki çykjak iPhone SE modeli OLED ekranly bolar.

Indi kompaniýa LCD displeý bazaryndaky öňdebaryjy Japan Display we Sharp üpjün edijilerine derek, Günorta Koreýa we Hytaý öndürijileri Samsung Electronics, LG Display we BOE Technology Group kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk eder.
Samsung, iPhone üçin OLED ekran bazarynyň eýýäm 50%-ini, LG Display – 30% töweregini, BOE bolsa 20% töweregini dolandyrýar.
Kupertinoly kompaniýanyň täze syýasaty - smartfonlar üçin OLED ekranlaryny öndürmeýän Japan Display we Sharp kompaniýalaryna ýaramaz täsir edip biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.