Minecraft oýny esasynda çykaryljak filmiň ilkinji treýleri bir milliona golaý dizlaýk aldy

10.09.2024, 10:304,253
1 / 2

Warner Bros "Minecraft" filminiň ilkinji resmi tizerini çykardy.

Filmde Minecraft dünýäsine syrly giriş arkaly girýän dört gahrymanyň hekaýasy beýan edilýär. Olar bu ýerde diri galmak üçin duşmanlara garşy göreşip, döredijilikli çözgütler tapmaly bolýarlar.
Ussat Stiwiň baş keşbini Jek Blek ýerine ýetirdi. Baş gahrymanlaryň birini bolsa, Jeýson Momoa ýerine ýetirer. Filme “Ýekeşah Telma” (Единорог Тельма) we “Başbozarlar” (Зачинщики) filmleri bilen tanalýan Jared Hess režissýorlyk etdi.
Treýleriň janköýerler tarapyndan gyzgyn garşylanmadygyny belläp geçmelidiris. Birnäçe günüň dowamynda wideo YouTube-da bir milliona golaý dizlaýk aldy.
Teswirçiler filmiň olara “Jumanji” filmini ýada salýandygyny we Minecraft-yň asyl ruhuna laýyk gelmeýändigini bellediler.
Filmiň premýerasy 2025-nji ýyla meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.