Hindistanly erkek adam welosipedde elini ulanmazdan 151 km geçip, dünýä rekordyny goýdy

21.09.2024, 13:2011,716

Hindistanly welosipedçi Waýbhaw Rajamani welosipedde el kömegini ulanmazdan 151,33 kilometr geçip, Ginnesiň rekordyny goýdy. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berildi.

Bu üstünlige ýetmek üçin 22 ýaşly türgene 7 sagat 18 minut 13 sekunt gerek boldy. Rajamani elini ulanmazdan 130,29 km geçen öňki rekord eýesi, kanadaly welosipedçi Robert Jon Mýurreýden öňe geçdi.

“Ol [Rajamani] heniz çaga wagty, bäş ýaşynda ilkinji welosipedini alandan soň el kömegini ulanmazdan welosiped sürmäge başlady we munuň özi üçin “tebigy zat” bolandygyny aýtdy” – diýip, Ginnesiň kitaby rekord eýesi barada belleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.