“Betmeniň” ikinji bölüminiň ssenariýasy tamamlandy: surata düşürmek işleri 2025-nji ýylda başlar

24.09.2024, 14:473,145
1 / 2

Režissýor Mett Riwz “Betmen” filminiň ikinji bölüminiň ssenariýasyny tamamlady. EW neşiri bilen söhbetdeşlikde režissýor tekstiň taýýardygyny we toparyň 2025-nji ýylda surat düşürmäge başlajakdygyny tassyklady.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, filmiň dowamynyň wakasy “Pingwin” mini-serialynyň wakalaryndan bellibir wagtdan soň bolup geçýär. Režissýoryň aýtmagyna görä, Pingwin personažy filmiň sýužetiniň ösüşinde möhüm rol oýnar. Riwz giňişleýin maglumatlary bermese-de, toparyň işe başlamaga uly höwes bilen garaşýandygyny belledi.
“Betmen: Bölüm 2” filminiň relizi 2026-njy ýylyň 2-nji oktýabryna meýilleşdirilýär. Baş keşbi ýene-de Robert Pattinson ýerine ýetirer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.