Walentina Matwiýenko dördünji gezek Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy wezipesine saýlandy

26.09.2024, 09:266,449

Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň güýzki sessiýasynyň 25-nji sentýabrda geçirilen ilkinji mejlisinde Walentina Matwiýenko Russiýanyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy. Karar 155 senatoryň ählisiniň ses bermeginde biragyzdan kabul edildi.

Sankt-Peterburgly senator Matwiýenko 2011-nji ýyldan bäri Federasiýa Geňeşine ýolbaşçylyk edýär. Üçünji möhleti 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda tamamlandy. Aleksandr Beglowyň Sankt-Peterburgyň häkimi wezipesine saýlanan sebitleýin saýlawlaryndan soň, Matwienko ýene Federasiýa Geňeşine delegat edip iberildi.
Onuň gaýtadan saýlanmagy baradaky teklibi iň garry senator Ýuriý Worobýow öňe sürdi. Başga dalaşgär hödürlenmedi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.