Fransiýada bir çüýşeden 200 ýyl mundan ozal ýazylan hat tapyldy. Haty arheolog galdyrypdyr

26.09.2024, 13:5124,907
1 / 2

Fransiýada arheolog talyplaryň topary 200 ýyl ozal ýazylan we aýna çüýşede gizlenen, ol hem öz gezeginde toýun küýzä  salnan haty tapdylar.

New York Post gazetiniň habaryna görä, bu açyş Fransiýanyň demirgazygynda, Normandiýadaky E şäheriniň golaýyndaky gadymy Galik obasynyň ýerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda ýüze çykaryldy.
Bu hat 1825-nji ýylyň ýanwar aýynda bu sebitde gözleg işlerine ýolbaşçylyk eden arheolog P. J. Feretiňki bolup çykdy.
Ekspedisiýanyň ýolbaşçysy Giýoma Blondeliň sözlerine görä, çüýşe şol döwürde ýörgünli bolan ysgalýan duzuň çüýşelerine meňzeýärdi.
Feret öz hatynda Cite-de-Laým (Sezaryň lageri) ady bilen tanalýan sebitde geçirilen gazuw-agtaryş işlerini suratlandyrýardy. Ýerli arhiwler Feretiň bu ýerde iki asyr mundan ozal hakykatdanam iş alyp barandygyny tassyklaýar.
Blondel toparyň bu ýerdäki gazuw-agtaryş işleri barada bilýändigini, ýöne kärdeşiniň iki asyr mundan öň ýazan hatynyň tapylmagynyň düýbünden garaşylmadyk bir zatdygyny aýtdy.

“Käwagt gurluşykçylaryň galdyran “wagt kapsulalaryna” duş gelýärsiň. Emma arheologiýada bu seýrek ýagdaýdyr "- diýip, ekspedisýanyň ýolbaşçysy belledi.

Bu ýerdäki gazuw-agtaryş işleri gaýanyň eroziýasy sebäpli başlandy, çünki  berkidilen obanyň galyndylaryna ýok bolmak  howpy abanýardy. Hatdan başga-da, bu ýerden gallar döwrüne degişli keramiki artefaktlar hem tapyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.