Perudaky Naska platosyndan emeli aňyň kömegi bilen 303 sany syrly geoglif tapyldy

30.09.2024, 12:154,491
1 / 2

Ýaponiýanyň, Fransiýanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň barlagçylary Perudaky Naska platosynda 300-den gowrak täze geoglifi tapmak üçin emeli aňdan peýdalandylar. PNAS žurnalynda çap edilen bu açyş sebitdäki belli suratlaryň sanyny iki esse artdyrýar.

Geoglifler ýeriň ýüzüne çekilen uly çyzgylar ýa-da nagyşlardyr. Adatça, olaryň  uzynlygy 4 metrden geçýär we şeýle uludygy sebäpli olary diňe ýokardan seredip görüp bolýar. Naska platosyndaky çyzyklar we suratlar geoglifleriň iň meşhur mysallarydyr. Arheologlar bu geoglifleriň b.e. II asyryna çenli bu sebitde ýaşan Naska siwilizasiýasy tarapyndan b.e.öňki 500-nji ýyl bilen b.e. 500-nji ýyllary aralygynda döredilendigine ynanýarlar. Suratlar dürli usullar bilen döredilipdir, mysal üçin, nagşyň perimetri boýunça topragyň ýokarky gatlagyny aýyrmak ýa-da nagşyň çyzyklarynyň geçýän ýerine çagyl daş sepmek arkaly.
AI kompýuter görüş ulgamy eýýäm belli geoglifleriň şekilleri boýunça tälim aldy, Naska platosynyň uçardan alnan ýokary durulykdaky (pikseli 10 santimetre çenli) suratlaryny seljerdi. Netijede, 1,3 müň töweregi täze geoglif ýüze çykaryldy, soňra olar meýdan şertlerinde üns bilen öwrenildi.
Mümkin bolan 1,3 müň geoglifiň içinden ozal näbelli 303 suratyň bardygy tassyklandy. Olaryň köpüsinde gadymy Naskanyň ilatynyň durmuşyndan we dini däp-dessurlaryndan habar berýän adamlar, haýwanlar we sahnalar şekillendirilipdir.
Naska platosyndaky geoglifler ýerli howa şertleri sebäpli gadymy döwürlerden bäri saklanyp galypdyr. Ölçegleriniň äpet uludygy sebäpli (käbirleriniň uzynlygy birnäçe ýüz metre ýetýär), resmi taýdan diňe XX asyryň birinji ýarymynda platonyň üstünden uçulan wagtynda tapyldy. 1994-nji ýylda Naskanyň suratlary UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.