“Kesgir gaşlar” filmini surata düşürmek işleri başlandy

02.10.2024, 18:177,732

Netflix resmi taýdan “Kesgir gaşlar” (“Острые козырьки”) filmini surata düşürmek işine başlady. Adybir serialyň doly metražly dowamynyň 2025-nji ýylda çykmagyna garaşylýar.

Birmingem gangsteri Tomas Şelbiniň roluna “Oskar” baýragynyň eýesi Killian Mýorfi gaýdyp geler. Şeýle-de, aktýorlar düzüminde Barri Keogan, Rebekka Fergýuson we Tim Rot bar. Sýužet barada giňişleýin maglumatlar gizlin saklanýar.
Filmiň režissýory hökmünde Tom Harper (“Aeronawtlar”) çykyş edýär. Ssenariýany ýazmak işine “Kesgir gaşlary” dörediji Stiwen Naýt gaýdyp geldi. Filmiň relizi soň yglan ediler. Serial 2013-nji ýyldan 2022-nji ýyl aralygynda çykdy we alty möwsümden ybarat boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.