“Gladiator 2-niň” premýerasy 13-nji noýabrda Londonda bolar

09.10.2024, 19:088,893

Paramount Pictures kinokompaniýasy “Gladiator 2” taryhy filminiň premýerasynyň senesini yglan etdi. Film ilkinji gezek 2024-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Londondaky Royal Film Performance çäresinde görkeziler. Hut şol ýerde filmi döredijiler bilen ilkinji gyzyl ýoda bolar, bu hem prokatyň başlanmagyny alamatlandyrar.

Premýera režissýor Ridli Skottuň we esasy gahrymanlaryň: Pol Meskalyň, Pedro Paskalyň we Denzel Waşingtonyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Täze filmde waka baş keşpde Rassel Krou bilen 2000-nji ýyldaky asyl filmiň sýužetinden 25 ýyl soň ýaýbaňlanýar.
Öň, Royal Film Performance dünýä prokatynda 1,5 mlrd dollardan gowrak girdeji gazanan “Top Gan: Mewerik” blokbasteriniň premýerasy üçin meýdança boldy. Ýewropa kinoteatrlarynda “Gladiator 2-niň” premýerasy 15-nji noýabrda bolar, amerikaly tomaşaçylar filmi 22-nji noýabrda görüp bilerler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.