Maýkl Beý we Uill Smit Netflix üçin täze ekşn-blokbasteri surata düşürerler

10.10.2024, 21:183,293

“Ýaramaz ýigitler” we “Transformerler” filmleri bilen tanalýan režissýor Maýkl Beý Netflix-de çykjak “Fast and Loose” söweşjeň filmini (boýewigini) surata düşürip başlar. Deadline-yň habaryna görä, filmde Uill Smit baş keşbi janlandyrar.

Filmde Meksikanyň Tihuana şäherinde amneziýa bilen oýanan adamyň wakasy gürrüň berilýär. Adamyň ýady dikeldilenden soň, ol iki durmuşda ýaşandygyny öwrenýär: jenaýatçy we gizlin CIA agenti.
Geljekki boýewigiň ssenariýasyny Jon Hober, Erih Hober, Kris Bremner we Erik Pirson ýazdy.
Uill Smit we Maýkl Beý “Ýaramaz ýigitler 2-den” soň ilkinji gezek bilelikde işlärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.