Dreamworks dünýäde iň köp girdeji gazanan animasion studiýa: ol Pixar-dan öňe geçdi

11.10.2024, 23:353,783

Collider neşiri Golliwudyň iň köp girdeji gazanan animasion studiýalarynyň sanawyndaky üýtgeşmelere ünsi çekdi. Birinji orny ýakynda “Ýabany robot” we “Kung-fu Panda 4” multfilmlerini çykaran Dreamworks studiýasy (“Şrek”) eýeledi. Studiýanyň taslamalary umumylykda 17,3 mlrd dollardan gowrak girdeji gazandy.

Ikinji orunda “Tapmaça”, “Oýnawaçlaryň taryhy” ýaly meşhur franşizalary hödürlän Pixar studiýasy ýerleşdi. Bu animasion taslamalaryň girdeji ýygymy 17 mlrd dollar boldy. Sanawyň yzyny 11 mlrd dollar netije bilen Walt Disney Animation Studios (“Doňan ýürek”, “Moana”) we 10,6 mlrd dollar görkeziji bilen Illumination (“Ýigrenji men”, “Doganlar Super Mario”) dowam etdirýär.
Golliwudyň iň girdejili animasion studiýalary:

  1. Dreamworks - $17,3 mlrd
  2. Pixar - $17 mlrd
  3. Walt Disney Animation Studios – $11 mlrd
  4. Illumination - $10,6 mlrd

Häzirki wagtda Dreamworks studiýasynyň “Ýabany robot” multfilmi prokatda bolup, tankytçylardan we tomaşaçylardan ýokary baha alýar. Lentanyň kassa ýygymy eýýäm 105 mln dollardan geçdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.