Aşgabatdan Walentina Žerdewa 101-nji doglan gününi belleýär

13.10.2024, 13:339,307

Şu gün, 13-nji oktýabrda Aşgabadyň ýaşaýjysy Walentina Ýakowlewna Žerdewa 101 ýaş toýuny belleýär. Bu barada TmCars-a Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Durmuş üpjünçilik edarasynda habar berdiler.

Heniz 20 ýaşyndaka ol goşuna çagyrylyp, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşypdyr. Uruşda ol top atyjylar batareýasyny dolandyrypdyr, köp sanly orden-medal alypdyr. Uruşdan soň ol Aşgabatda dürli kärhanalarda zähmet çekipdir. Çagalary, agtyklary we çowluklary bolupdyr.
Ýaşynyň 100-den aşandygyna garamazdan, Walentina Ýakowlewna ýaşaýşa hyjuwyny saklaýar. Ol Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Aşgabat şäher durmuş üpjünçilik edarasyndan goldaw alyp durýar. Döwletimiziň ýaşulular babatda durmuşa geçirýän üstünlikli durmuş syýasaty netijesinde oňa dürli görnüşler kömekler berilýär.
Aşgabat şäheriniň Durmuş üpjünçilik edarasynyň işgärleri Walentina Ýakowlewnany doglan güni bilen gutlap, oňa berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny arzuw etdiler. Ýadygärlik sowgatlary gowşurdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.