Ähli döwürleriň iň gowy gorkunç filmleri atlandyryldy

13.10.2024, 14:117,835

Variety neşiriniň tankytçylary ähli döwürleriň iň gowy hem-de gorkunç filmleriniň sanawyny düzdüler diýip, lenta.ru habar berýär.

Portalyň hünärmenleriniň pikiriçe, kino taryhynda iň gowy hem-de gorkunç film "Tehasyň  zynjyr byçgyly gyrgynçylygy” (“Техасская резня бензопилой") boldy. Ikinji orny "Arwahy kowýan" (“Изгоняющий дьявола") atly nusgawy filmi, üçünji ýeri bolsa Alfred Hiçkokyň režissýorlyk eden "Däli” (“Психо") filmi eýeledi.
Iň gowy gorkunç on filmiň sanawynyň 21-nji asyrdan ýekeje filmi hem öz içine almaýandygy geň zat. Tankytçylar tarapyndan 2017-nji ýylda ýaýlyma çykan Jordan Pillanyň "Прочь" ("Sowul") filmi 2000-nji ýyldan soň düşürilen bu žanryň iň gowy (reýtingde 20-nji ýer) kinosy hökmünde ykrar edildi.
Mundan öň tankytçylaryň köpüsiniň Nikolas Keýjiň baş keşbi janlandyran  "Ruhlary çöpleýji" ("Собиратель душ") filmini 2024-nji ýylyň iň gowy gorkunç filmi diýip hasaplandyklary mälim boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.