Drone Photo Awards 2024-üň ýeňijileri yglan edildi: Guş uçar belentlikden alnan iň gowy suratlar

14.10.2024, 12:2610,640
1 / 8

Italiýanyň Siena şäheri her ýyl dronlaryň kömegi bilen düşürilen iň gowy suratlary ýygnaýan abraýly Drone Photo Awards 2024 bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny geçirdi.

Ýylyň fotosuraty: Syýahatçylar Baltika deňziniň (Şwesiýa) sowuk suwunda ýüzüp ýörler / © Gilad Topaz

Kategoriýa "Şäher":

1-nji ýer: Sankt-Peterburgyň “Lahta merkezi” - Ýewropanyň iň beýik binasy / © Ýuriý Stolypin
2-nji ýer: Hytaýyň Guýçžou welaýatynyň Guýýan şäheri, beýik binalary we köprüleri daglyk ýerler bilen sazlaşykly utgaşýar / © Sýu Çžan

Kategoriýa "Ýabany tebigat":

1-nji ýer: Pertiň (Awstraliýa) kenarynda gaplaň akulasy ölen kaşaloty maza bilen iýýär / © Tobi Nikol
2-nji ýer: Logipi kölünde (Keniýa) bir milliondan gowrak gülgüne flamingo / © Pol Makkenzi
Ýokary bal: Bugdaý meýdanynda gizlenen adaty şagal / © Md Imrul Kaes
Ýokary baha: Irdenki iýmlerini iýen piller gök sonarlykda otlaýarlar / © Prawin Şanmuganandam

Kategoriýa "Tebigat":

1-nji ýer: “Tolkun”, Arizona bilen Ýutanyň serhedinde täsin geologiki emele gelme / © Sýaoin Şi
2-nji ýer: “Aždarhanyň gözi”, Islandiýada düşürilen, ýokardan seredeňde ullakan göze meňzeýän surat / © Miki Spitser

Kategoriýa "Abstraksiýa":

1-nji ýer: Surat Islandiýada wulkan atylandan soň düşürilipdir / © Izabella Tabakki

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.