Noýabr aýynda Türkmenistanda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi mälim edildi

26.10.2024, 12:096,578

2024-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi taýýarlanyldy. Bu barada wise-premýer M.Mämmedowa Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Noýabr aýynyň dowamynda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek, talyplardyr okuwçylaryň arasynda “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly uniwersiadanyň we spartakiadanyň sport ýaryşlaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

  • 3-nji noýabrda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli birnäçe baýramçylyk dabaralaryny, şol sanda medeni çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar;
  • 10-njy noýabrda bolsa Hasyl toýy mynasybetli giň gerimli çäreleri we dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär;
  • 13 — 15-nji noýabr aralygynda Aşgabatda “Gorkut ata” halkara kinofestiwaly geçiriler;
  • 14 — 16-njy noýabrda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2024” atly halkara sergisini we ylmy maslahaty geçirmek, “Sanly çözgüt — 2024” atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer şu ýylyň noýabr aýynda başga-da birnäçe möhüm ähmiýetli çäreleriň, şol sanda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy diýip, TDH habar berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.