Apple M4 çipli täze Mac-lary tanyşdyryş çäresiz çykarar: satuwlar 28-nji oktýabrda

26.10.2024, 18:332,417
1 / 2

Apple M4 prosessorlaryna daýanýan täze Mac kompýuterleriniň çykjak senesini mälim etdi. Bu barada kompaniýanyň marketing bölüminiň ýolbaşçysy Greg Joswia X (Twitter) sosial ulgamyndaky sahypasynda paýlaşdy.

Apple resmi prezentasiýa etmän, täze önümleri indiki hepdäniň dowamynda ýuwaş-ýuwaşdan çykarar. Ilkinji satyljak enjamyň M4-li MacBook Pro noutbugy boljakdygy çak edilýär.
Kupertino noutbuklaryndan başga-da, Mac mini ykjam kompýuterleriniň, M4 çipli iMac monobloklarynyň, şeýle hem Magic Trackpad trekpady, Magic Keyboard klawiaturasy we Magic Mouse syçanjygy ýaly täzelenen aksessuarlarynyň çykarylmagyna garaşylýar. Olaryň hemmesi USB-C portly bolar.
Mundan başga-da, Apple 28-nji oktýabrda iOS 18.1-iň we iPadOS 18.1-iň reliz wersiýalaryny çykarar. Bu ýygyndy, iOS-yň Apple Intelligence toplumynyň funksiýalary bolan ilkinji ýygyndysydyr.  

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.