Baş keşpde Tom Holland bilen “Möý adam 4” 2026-njy ýylyň tomsunda çykar

28.10.2024, 22:545,063

Marvel we Columbia Pictures “Möý adam 4” filminiň çykjak senesini resmi taýdan tassykladylar. Tom Hollandyň gatnaşmagynda täze film geçenki “Öýe ýol ýok” bölüminden bäş ýyl soň, 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda dünýä prokatyna çykar diýip, Variety habar berýär.

Lenta Kristofer Nolanyň täze taslamasynyň premýerasyndan bir hepde soň çykar, bu taslamada hem Holland epizodik keşbi ýerine ýetirer.
Filmiň režissýory hökmünde “Şan-Çi we on ýüzügiň rowaýaty” kartinasy bilen tanalýan Destin Deniel Kretton bellendi. Sýužet barada giňişleýin maglumatlar heniz berilmeýär, ýöne wakanyň “Öýe ýol ýok” finalyndan soň ýaýbaňlanmagyna garaşylýar.
Film “Ar alyjylar: Kyýamat gününiň” premýerasyndan soň çykar. Bu filmde Tom Hollandyň Robert Dauni-kiçi bilen peýda boljakdygy ýa-da ýokdugy heniz belli däl.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.