“Joker: Iki adamlyk telbelik” filmi harajatyny ýapmady, film bary-ýogy 200 million dollar gazandy

29.10.2024, 11:065,829

“Joker: Iki adamlyk telbelik” (Джокер: Безумие на двоих) filmi 4 hepdede 200 million dollar gazandy. Soňky hepdäniň dowamynda bolsa, ol bary-ýogy 8 million dollar girdeji gazanyp, kinokomiksleriň taryhyndaky iň uly şowsuzlyklaryň biri boldy diýip, Variety ýazýar.

Analitikleriň çak etmegine görä, “Joker 2” filminiň umumy kassa ýygymy, takmynan, 220 million dollar bolar.
Ozal insaýderler “Iki adamlyk telbelik” filminiň 200 million dollar çykdajy edendigini we filmiň harajatyny ödemek üçin azyndan 450 million dollar gazanmalydygyny aýdypdylar. Ýöne tomaşaçylaryň ýaramaz teswirleri we sýužet gowşaklygy sebäpli filmiň dowamy indi bu netijä ýetmese gerek.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.