Toyota akkumulýator önümçiligi üçin ABŞ-da 5 müňden gowrak iş ornuny döreder

06.11.2024, 09:555,379

Toyota ABŞ-da elektrik we gibrid ulaglara niýetlenen akkumulýatorlaryň  önümçiligini giňeltmegi meýilleşdirýär.

Nikkei portalyna salgylanýan IT Home-iň habar bermegine görä, bu başlangyjyň çäklerinde kompaniýa Demirgazyk Karolinada täze zawodyň gurluşygyna goýlan umumy maýa goýumlaryny 13,9 milliard dollara çenli artdyrar we bu bolsa 5 müňden gowrak täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.
Toyota Battery Manufacturing-iň prezidenti Şon Saggs, ýerli bazarlarda ulaglara bolan islege baglylykda, beýleki sebitlere hem goşmaça maýa goýumlarynyň goýlup biljekdigini aýtdy.
Toyota-yň uzak möhletleýin strategiýasyna laýyklykda, kompaniýa 2025-nji ýyla çenli ähli modelleriniň elektrikleşdirilen görnüşlerini hödürlemegi meýilleşdirýär. Ondan öň Toyota ähli tagallalaryny gibrid we wodorod modellerine gönükdirýärdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.