Şakira “Haýwanlar şäheri 2-de” ýene-de Gazele ses berer: multfilm 2025-nji ýylyň noýabrynda çykar

13.11.2024, 15:2911,396

Kolumbiýaly aýdymçy Şakira ýene bir gezek “Haýwanlar şäheri” ("Зверополис") multfilminiň ikinji bölüminde öz gahrymany Gazele ses berer. Bu barada Braziliýada geçirilen D23 festiwalynda Pixar-yň tanyşdyrylyş dabarasynda yglan edildi.

Aýdymçy keşbine gaýdyp geljekdigini habar beren ýörite wideo habary ýazgy etdi.

Şakira: “Men möhüm täzelikleri paýlaşmaga geldim. Taýynmy? Gazel “Haýwanlar şäheri 2-ä” gaýdyp gelýär! Bu gahrymanyň täze keşbi, täze aýdymy we täze tanslary bolar. Siziň göwnüňizden turjakdygyny bilýärin" - diýdi. Ol entek taslamanyň jikme-jikliklerini paýlaşyp bilmejekdigini aýtdy.

Şakira 2016-njy ýylda multfilmiň birinji bölüminde Gazele ses beripdi. “Haýwanlar şäheriniň” ikinji bölüminiň ilkinji görkezilişi 2025-nji ýylyň 26-njy noýabrynda bolar.
Şeýle hem Şakira geljek ýylyň 13-nji maýynda Demirgazyk Amerika syýahata ugrajakdygyny tassyklady. Syýahat wagtynda ol ýaňy-ýakynda çykan “Las Mujeres Ya No Lloran” albomynyň aýdymlaryny däl, eýsem öňki ýazgylarynyň esasy hitlerini hem hödürlär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.